G7 ýurtlarynyň liderleri Ukraina karz görnüşinde 50 milliard dollar bölüp bermek barada ylalaşyk gazandylar, bu serişdeler Russiýanyň doňdurylan emläklerinden alynýan girdejileriň hasabyna ýapylar.
“Bloomberg” neşiriniň söhbetdeşi bu ylalaşygyň tehniki meseleleriniň 13–14-nji iýunda geçiriljek G7 sammitinden soň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy.
“Bloombergiň” ýazmagyna görä, bölünip beriljek serişde Ukraina şu ýylyň, ýagny 2024-nji ýylyň ahyryna çenli berler.