Galibaf ABŞ-nyň Eýranyň şertlerini kabul etmekden 'başga alajy ýok' diýýär

Adamlar 11-nji maýda Tähranyň köçesindäki diwar suratynyň ýanyndan ýöräp barýarlar.

Eýranyň baş gepleşikçisi Mohammad Bager Galibaf Birleşen Ştatlaryň urşy bes etmek boýunça Tähranyň soňky garşylyklaýyn teklibini kabul etmekden “başga alajynyň ýokdugyny” aýtdy.

Eýranyň mejlsiniň başlygy wezipesini hem eýeleýän Galibaf 12-nji maýda X sosial ulgamynda: “14 maddalyk teklipde beýan edilen Eýran halkynyň hukuklaryny kabul etmekden başga ýol ýok” diýip ýazdy. “Başga islendik çemeleşme doly netijesiz bolar; bu diňe bir şowsuzlygyň yzysüre beýleki şowsuzlygy getirer.”

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Esmail Bagaeýi 11-nji maýda geçirilen hepdelik metbugat ýygnagynda Tähranyň 10-njy maýda Pakistan araçylygynda ýetirilen jogabynyň urşy bes etmegi, ABŞ-nyň Ormuz bogazyndaky blokadasyny ýatyrmagy, Eýranyň doňdurylan emläklerini boşatmagy, şeýle hem “sebitde we Liwanda howpsuzlygy üpjün etmegi” öz içine alýandygyny aýtdy.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Tähranyň garşylyklaýyn teklibini “düýbünden kabul ederliksiz” diýip atlandyrdy.