Garagalpak aktiwisti Tajimuratowa täze aýyplama bildirilýär

Dauletmurat Tajimuratow käzyýet seljermesi wagtynda. 2023-nji ýyl, iýul aýy

2022-nji ýylda Garagalpagystanda geçirilen protestleriň lideri, 16 ýyl türme tussaglygyna höküm edilen Dauletmurat Tajimuratowa goşmaça jezalara sezewar bolmak howpy abanýar. Maşgalasynyň we aklawçysynyň aýtmagyna görä, türme işgärleriniň gurnan prowakasiýalaryndan soň bolan waka netijesinde, ol "edaranyň iş düzgünini bozmakda" aýyplanýar.

Renat Tajimuratow Nawoidäki türmä gidip, erbet habar bilen gaýdyp geldi. Ol geçen hepde doganyny görmäge bardy, ýöne türmä goýberilmedi. Dogany bilen duşuşmagyň ýerine, ol sülçi bilen gürleşdi. Sülçi oňa Nukus wakalaryndan soň 16 ýyl türme tussaglygyna höküm edilen Dauletmurada goşmaça iş kesilip biljekdigini aýtdy.

"Aklawçy Dauletmurat bilen duşuşdy" diýip, Renat Tajimuratow “Azattyk Aziýa” neşirine aýtdy. "Dauletmuradyň ýakynda garawullaryň birini urandygyny eşitdik. Aklawçy doganym bilen duşuşanda ondan: "Garawuly näme üçin urduň?" diýip sorapdyr. Adatça, tussaglar koloniýanyň içinde başlaryny aşak salyp ýöreýärler. Agamyň aýtmagyna görä, garawul meniň doganymyň hem başyny aşak salyp ýöremegini talap edipdir. Elbetde, doganym muňa garşy çykypdyr. Olaryň arasynda sözde dawa döräpdir we doganym saklanyp bilmän, ony urupdyr. Garawul hassahana ýerleşdirilipdir. Dauletmuratyň aýtmagyna görä, onuň özüni hem urupdyrlar".

Renat Tajimuratow bu dawanyň, täze iş gozgamak üçin, bilkastdan öjükdirilendigine ynanýar. Täze bildirilen aýyplamalara görä, garagalpagystanly aktiwist bäş ýyldan on ýyla çenli türme tussaglygyna höküm edilip bilner.