Garland: Adalat departamenti Ukraina uruş jenaýatlaryny derňemäge kömek edýär

Merrik Garland

ABŞ-nyň Adalat departamenti Halkara Jenaýat kazyýeti bilen hyzmatdaşlyk edýär we uruş jenaýatlaryny derňeýän ukrain prokurorlaryna goldaw berýär diýip, baş prokuror Merrik Garland 7-nji awgustda aýtdy.

Kongres golaýda ABŞ-nyň Ukraina bilen baglanyşykly daşary ýurt raýatlaryna kömek edýän kazyýetine derňew işlerinde has kän çeýelik görkezmek mümkinçiligini döretdi we, Adalat departmanti ABŞ hyzmatdaşlygynyň esasy bölegi bolar diýip, Garland Denwerdäki Amerikan aklawçylar birleşiginde eden çykyşynda aýtdy.

“Biz adalatlylygy gazanmakda we jogapkärçilige çekmekde söweş hereketleriniň soňlanmagyna garaşmaýarys” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.