Barha artýan bergilerini tölemek we çagalaryny iýmitlendirmek üçin çykalgasyz ýagdaýa düşen Zahira agyr bir karara gelmeli boldy.
Owganystanly zenan iki çaganyň ejesi. Ol geçen ýyl böwrekleriniň birini gara bazarda satdy. Şonda-da, onuň bu karary maşgalasyny agyr garyplykdan halas edip bilmedi we häzir ol munuň öz saglygyna ýetiren zyýanly täsirleri bilen göreşýär.
"Men diňe bir çykalgasyzlyk sebäpli böwregimi satdym" diýip, Zahira AÝ/AR-nyň "Radio Azadi" gullugyna gürrüň berdi. "Bizde hiç zat galmandy we bergä batypdyk. Başga hiç hili ýol ýokdy. Indi bolsa, galan böwregim hem işlemän başlaýar."
Ol ýeke däl. Takmynan 40 million ilatly we uruşdan ejir çeken ýurtda garyp owganystanlylar açlykdan halas bolmak üçin öz beden organlaryny, esasanam böwreklerini satýarlar. Adamlaryň köpüsi diňe bir böwrek bilen ýaşap bilýär.
2021-nji ýylda "Talyban" hereketiniň häkimiýeti ele almagy dünýäde iň uly ynsanperwer krizisleriň birini has-da ýaramazlaşdyrdy. Daşary ýurt kömegi bolmazdan, işsizligiň we garyplygyň artmagy bilen Owganystanyň ykdysadyýeti has-da çökdi. Millionlarça owganystanly azyk kömegine bil baglaýar, şol bir wagtda kömek guramalary iýmit ýetmezçiliginiň barha artýandygy barada duýduryş berýärler.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Deep Debt, Failing Health: Afghans Desperate To Escape Poverty Sell Kidneys To Survive
Owganystanyň iň ejiz gatlagyna degişli käbir adamlar maşgalalaryny iýmitlendirmek üçin aňryçäk çärelere, şol sanda beden böleklerini we käbir ýagdaýlarda hatda çagalaryny satmaga mejbur boldular.
Gün-güzeran göreşi
Günbatardaky Herat welaýatynda ýaşaýan we köp sanly owganlylar ýaly diňe bir adyny ulanýan Zahira, böwregini 100 000 afgani (1 550 ABŞ dollary) bahasyna satandygyny aýtdy. Maşgalanyň bergileriniň bir bölegini töläninden soň, ol bu "puluň hemmesiniň gutarandygyny" belledi.
35 ýaşyndaky aýalyň adamsy garry we işläp bilmeýän ýagdaýda. Onuň 16 ýaşly ogly goňşy Erana bikanun ýollar bilen geçdi we ol ýerde iş gözleýär. Şeýlelikde, Zahira maşgalanyň ýeke-täk ekleýjisi bolup galdy.
"Häzir öýde diňe men we iki gyzym bar" diýip, günde bir gezeklik naharyň puluny tölemek üçin tötänleýin arassalaýyş işlerini edýän Zahira aýtdy.
Goňşy Farah welaýatynyň ýaşaýjysy Bismillah böwrekleriniň birini satmaga synanyşandygyny, ýöne munuň başa barmandygyny gürrüň berdi.
"Mende galan ýollar: çagamy satmak, öz janyma kast etmek ýa-da ogurlyk etmek" diýip, Bismillah "Radio Azadi" aýtdy we welaýatyň merkezi bolan Farah şäherinde hakyna tutma işleri tapmak üçin yzygiderli obasyndan çykyp gidýändigini belledi.
"Men bäş günläp iş gözledim, ýöne hiç zat tapmadym" diýip, ol aýtdy. "Alty aý bäri öýde oturýaryn. Erana geçmäge synanyşsak-da, bizi yzyna deportasiýa edýärler."
2021-nji ýyldan bäri ýüz müňlerçe owganystanly aşa garyplykdan we "Talybanyň" repressiw dolandyryşyndan gaçmak üçin goňşy Erana bikanun ýollar bilen geçdi. Ýöne Eranyň ABŞ we Ysraýyl bilen dowam edýän dartgynly gatnaşyklary, şeýle hem Tähranyň resminamasyz owganlylary ýurtdan çykarmak çärelerini güýçlendirmegi, köp adamlar üçin bu gapynyň hem ýapylmagyna alyp barýar.
'Bir böwrekli oba'
Owganystanlylar köplenç böwreklerini beden böleklerini bikanun söwdasy bilen meşgullanýan torlar arkaly satýarlar. Ýerli araçylar böwregini satmaga taýyn adamlary tapýarlar we olaryň gan toparlaryny alyjylar bilen gabat getirýärler; alyjylaryň köpüsi baý owganlylar ýa-da Erandan, Pakistandan we Arap aýlag ýurtlaryndan gelen lukmançylyk syýahatçylarydyr.
Günbatar tarapyndan goldanan we häzirki wagtda agdarylan owgan hökümetiniň resmisi we öz wagtynda beden organlarynyň bikanun söwdasyny derňemek işlerine jogapkär Saýed Aşraf Sadatyň sözlerine görä, araçylar köplenç girdejiniň ep-esli bölegini özlerine alyp, satyjylara ylalaşylan bahanyň diňe ujypsyz bölegini galdyrýarlar.
Sadat satyjylaryň adatça "öz organynyň hakyky bahasynyň diňe 20-30 göterimini" alýandygyny aýdyp, galan böleginiň bolsa "adamlaryň umytsyz ýagdaýyndan peýdalanýan araçylar we dellallar tarapyndan özleşdirilýändigini" belledi.
Operasiýalar köplenç hususy hassahanalarda ýa-da gizlin klinikalarda geçirilýär we korrupsiýa bulaşan lukmançylyk işgärleri muňa göz ýumýarlar.
Herat welaýatynda bu tejribe şeýle bir giň ýaýrady welin, ýaşaýyş nokatlarynyň birine "bir böwrekli oba" diýlip at dakyldy.
Degişli maglumat
“Talyban” hökümdarlygy astyndaky Owganystan: Bäş ýyllyk krizis, izolýasiýa we ýokarlanýan garşylykOwganystanda beden organlarynyň söwdasynyň güýçli depgin bilen artmagyna jogap hökmünde, "Talyban" hereketi 2024-nji ýylda adam organlarynyň satylmagyny, satyn alynmagyny we transplantasiýasyny - başga adama geçirilip oturdylmagyny gadagan etdi. Yslamçy söweşiji topar ýürek, böwrek we öýken ýaly möhüm agzalaryň transplantasiýasynyň "Yslam ýörelgelerine laýyk gelmeýändigini" mälim etdi.
Bu karar hassalaryň we lukmanlaryň nägileligine sebäp boldy; olar lukmançylyk zerurlygy sebäpli transplantasiýa mätäç bolan müňlerçe owgan hassasynyň mundan zyýan çekjekdigini aýtdylar.
Beden organlarynyň transplantasiýasy dünýäde, şol sanda yslam ýurtlarynda-da, giňden ulanylýan bejeriş usulydyr.
'Şeýle ýaşap bolmaz'
Owganystanda bikanun ýol bilen satylan böwrekleriň sany barada takyk statistika ýok. Emma "Talyban" ýurtda häkimiýeti ele salandan soň — bu ýagdaý ykdysady çökgünlige we eýýäm agyr derejedäki ynsanperwerlik heläkçiliginiň has-da ýaramazlaşmagyna sebäp boldy — bu baradaky habarlaryň sany artdy.
Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) maglumatlaryna görä, takmynan 14 million adam, ýagny her üç owganystanlynyň biri ýiti açlyk bilen ýüzbe-ýüz bolýar; şeýle-de gurama Owganystanyň 34 welaýatynyň 12-sinde çagalaryň iýmit ýetmezçiliginiň rekord derejä ýetendigini habar berdi.
BMG-niň Bütindünýä Azyk Maksatnamasy awgust aýynda konfliktiň, giň ýaýran işsizligiň, azyk önümleriniň gymmatlamagynyň, ynsanperwerlik kömeginiň azalmagynyň we üpjünçilik ýollarynyň bökdelmeginiň açlyk krizisini güýçlendirýändigini mälim etdi.
Demirgazyk-günbatar Badgis welaýatyndaky taýpa ýaşulusy Abdullah ýerli ilatyň öz beden böleklerini "çäksiz betbagtçylyk we garyplyk sebäpli" satýandygyny aýtdy.
Ol "Radio Azadi" radiosyna: "Hudaý rehim etsin we halas bolmagyň bir ýoluny açsyn, sebäbi şeýle ýaşap bolmaz" diýip aýtdy.
Ýaşuly Gul Ahmad tutuş maşgalasyny iýmitlendirmek üçin oglunyň böwrekleriniň birini satmak barada oýlanýandygyny aýtdy.
"Adam öz oglunyň böwregini satmaga razy bolup, hatda alyjy hem tapyp bilmeýän bolsa, bu dünýäniň ýagdaýy nähili bolupdyr? Biz hemmämiz açlyk çekýäris" diýip, ol "Radio Azadi" gullugyna aýtdy.
"Meniň başga nähili çykalgam bar? Hiç hili kömek ýok, serişde ýok we iş ýok. Men indi kime ýüz tutmaly?" diýip, ol sözüne goşdy.