Gaýtadan güýçlenýän Al-Kaýda ýaragly toparlaryň Pakistandaky hüjümlerine nähili goldaw berýär?

Pakistanyň goşuny we polisiýasy ençeme ýyl bäri ýaragly toparlaryň hüjümleriniň nyşanasy bolup gelýär. Bu toparlaryň köpüsini Al-Kaýda goldaýar.

Maý aýynda Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky polisiýa barlag nokadynda bolan partlamadan soň başlan gazaply atyşykda 21 adam heläk boldy. Bu Owganystanda hereket edýän söweşijileriň Al-Kaýdanyň goldawy bilen goňşy Pakistandaky nyşanalara eden hüjümleriniň diňe biridi.

Çärýek asyr ozal ABŞ Al-Kaýdany Owganystandan gysyp çykardy we topar goňşy Pakistana çekildi. Dargyn ýagdaýa düşen we ep-esli gowşan terror tory Pakistanyň taýpa sebitlerinde gaýtadan toparlandy. Oňa 2007-nji ýylda döredilen, esasan owgan Talybanynyň täsirindäki ýaş taýpa agzalaryndan düzülen Tehrik-e Talyban Pakistan (TTP) topary kömek we pena berdi.

Indi owgan Talybanynyň Kabulda häkimiýete gaýdyp gelmegi bilen, TTP bilen Al-Kaýdanyň arasyndaky baglanyşyk öňküden-de güýçli. Al-Kaýda TTP-niň strategiýasynyň, propaganda işleriniň we söweşijilere tälim bermek mümkinçilikleriniň kemala gelmegine ýardam berdi. Bu TTP-ä Pakistanyň häkimiýetlerine garşy hüjümlerini güýçlendirmäge mümkinçilik döretdi.

Öňden gelýän gatnaşyklar, täze maksatlar

Aprelde Al-Kaýdanyň media bölümi — Al-Sahab media gaznasy — terror toparynyň TTP-niň Pakistana garşy operasiýalaryny goldaýandygyny ilkinji gezek aç-açan beýan etdi.

«Al-Kaýda Pakistana garşy gozgalaň alyp barýan TTP-ä ideologik taýdan ýol görkezip, tälim we goldaw berip gelýärdi. Emma bu açyk beýanatda onuň goldawy has gönümel aňladyldy» diýip, BMG-niň Seljeriş goldawy we sanksiýalara gözegçilik toparynyň awgustdaky hasabatynda bellenildi.

Günorta Karolina ştatyndaky Klemson uniwersitetiniň professory Amira Jadun Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna «[Al-Kaýda bilen TTP-niň] gatnaşygy aşaky derejedäki amaly goldawdan başlap, ýokarky derejede wagyz edilýän garaýyşlaryň utgaşmagyna çenli uzap gidýän ýaly görünýär» diýdi.

Howpsuzlyk sebäpli ady aýan edilmeýän pakistanly ýerli barlagçy Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna Al-Kaýda bilen TTP-niň arasyndaky gatnaşyklaryň indi «çuňňur kök urandygyny we has-da güýçlenendigini» aýtdy. «Al-Kaýdanyň arap ýolbaşçylary sebitde TTP-ä beýlekileriň ählisinden has köp ynanýar» diýip, barlagçy belledi.

Şeýle-de bolsa, bu iki toparyň arasyndaky gatnaşyklaryň takyk häsiýeti henizem aýdyň däl. Merkezi we Günorta Aziýadaky ýaragly toparlaryň işjeňligini yzarlaýan barlagçy-maslahatçy Rikardo Alwares Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna 2020-nji ýyldan bäri «Al-Kaýdanyň Pakistan Talybanyny [TTP-niň başga bir ady] öz guramasyny dargadyp, Al-Kaýda bilen birleşmäge mejbur etmäge synanyşýandygyny» aýtdy.

Bu birleşmek tagallasyny owgan Talybanynyň öňe ilerledýändigi çaklanýar. Ol Kabulda häkimiýete gaýdyp gelensoň, birnäçe ýaragly topara pena berip, olary ýaşaýyş jaýlary we harçlyk puly bilen hem üpjün etdi.

Owganystandaky Talyban TTP-niň, Al-Kaýdanyň we onuň bilen baglanyşykly Hindi subkontinentindäki Al-Kaýda (AQIS) toparynyň agzalaryna tazkiralary — ýerli şahsyýetnamalary berdi. Şeýle şahsyýetnamalar Türküstan Yslam partiýasy (TIP) ady bilen hem tanalýan Gündogar Türküstan Yslam hereketiniň (ETIM) uýgur söweşijilerine-de berildi.

Al-Kaýdanyň goldaw gerimi giňeýär

Bilermenleriň aýtmagyna görä, Al-Kaýda diňe TTP-ä kömek bermän, beýleki ýaragly toparlara hem goldawyny giňeldýär.

Şeýle toparlaryň biri — Bulujystanyň azat ediş goşuny (BLA). Bu topar hem-de TTP Pakistanyň demirgazygynda we günortasynda ýurduň howpsuzlyk edaralaryny nyşana alýan ýaragly kampaniýa alyp barýar. TTP Pakistanda Talybanyň nusgasyndaky şerigat düzgünlerini ornaşdyrmak ugrunda göreşýär, BLA bolsa garaşsyz Bulujystan döretmegi maksat edinýär. BMG-niň awgustdaky hasabatynda ady görkezilmedik bir «agza döwlete» salgylanyp, Al-Kaýdanyň BLA söweşijilerine tälim berýän bolmagynyň mümkindigi aýdyldy.

2025-nji ýylyň martynda BLA Eýran we Owganystan bilen serhetleşýän, durnuksyz Bulujystan welaýatynda otlyny basyp aldy. Bu onuň Pakistanda amala aşyran iň töwekgelçilikli operasiýalarynyň biri boldy. Pakistanyň howpsuzlyk güýçleriniň soňra geçiren halas ediş operasiýasynda onlarça adam heläk boldy.

Beýleki bir topar — Owganystan bilen serhetleşýän, Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky Haýber-Pahtunhwa welaýatynda hereket edýän jihadçy bileleşik Ittihad-ul-Mujahidin Pakistan (IMP). BMG-niň gözegçileriniň maglumatyna görä, AQIS oňa tälim we strategiýa babatda goldaw berýär.

IMP maý aýynda Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky polisiýa postuna edilen hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy. BMG-niň hasabatynda bu waka «janyndan geçen hüjüm we ulaga ýerleşdirilen elde ýasalan partlaýjy enjamyň partladylmagy» hökmünde häsiýetlendirildi. Hasabatda «AQIS-iň IMP-niň esasy daýanjydygy» hem bellenildi.

Al-Kaýda beýleki toparlara hem goldawyny giňeldýän mahaly, Pakistanyň iň berk jogabyna TTP-niň hereketleri sebäp boldy. 2025-nji ýylyň oktýabrynda TTP owgan serhediniň golaýynda Pakistanyň harby ulag kerwenine bukudan hüjüm edip, 11 esgeri öldürdi.

Bu hüjüm Pakistanyň serhediň aňyrsynda howa zarbalaryny urmagyna getirdi. Zarbalarda Kabul, şeýle hem Owganystanyň serhetýaka Host, Paktika we Nangarhar welaýatlaryndaky ýerler nyşana alyndy. Şol ýylyň galan böleginde Talybanyň güýçleri bilen pakistanly serhetçileriň arasynda wagtal-wagtal çaknyşyklar boldy. Iki tarapyň arasyndaky dartgynlyk henizem ýokary bolmagynda galýar.

Emma käbir bilermenler bu hüjümlerde Al-Kaýdanyň rolunyň ulaldylyp görkezilýändigini öňe sürýärler.

Şwesiýada işleýän, Owganystandaky we Pakistandaky jihadçy toparlary öwrenýän barlagçy Abdul Saýed Al-Kaýda bilen TTP-niň arasyndaky gatnaşyklar baradaky gürrüňi «mif» diýip atlandyrdy. Saýed Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna Al-Kaýdanyň ýerli söweşijilere ýol görkezmek arkaly 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabryndaky hüjümlerden soň Pakistanda jihadçy gozgalaňyň kemala gelmegine kömek edendigini aýtdy. Emma onuň sözlerine görä, guramanyň «täsiri 2014-nji ýyldan bäri ep-esli pese gaçdy».

Saýediň aýtmagyna görä, esasan Pakistana gönükdirilen maksatlaryny amala aşyrmak üçin TTP Al-Kaýdanyň goldawyna mätäç däl.

«Al-Kaýdanyň global maksatlary TTP-niň Pakistandaky maksatlaryna zyýan ýetirýär» diýip, ol aýtdy. Saýed Talybanyň 2021-nji ýylda häkimiýete gaýdyp gelmeginden bäri TTP-niň Al-Kaýdadan özüni daşlaşdyrmaga ençeme gezek synanyşandygyny hem belledi.

«Indi TTP başga ugra barýar, Al-Kaýdanyň bolsa strategiki ýoly başga. Ýöne, elbetde, ideologiýa taýdan olaryň arasynda birnäçe umumylyk bar» diýip, Saýed aýtdy.

«Asyl maksat — göreşiň nähili düşündirilýändiginde»

Iki tarapyň hyzmatdaşlygy, ähtimal, media we propaganda babatda iň güýçli bolmagynda galýar. BMG-niň 2025-nji ýylyň dekabryndaky hasabatynda Al-Kaýda Owganystandaky ýaragly toparlara «tälim, maslahat we maddy-tehniki goldaw» berýän «hyzmat üpjün ediji» hökmünde häsiýetlendirilipdi.

«Propagandadaky ýakynlaşma bu gatnaşyklaryň iň aýdyň görünýän tarapy» diýip, Jadun aýtdy. Ol Munib Jatt ady bilen hem tanalýan, AQIS-iň öňki ýolbaşçylarynyň biri bolan Çaudri Munib ur Rahmanyň 2021-nji ýylda TTP-niň Umar Media bölümine ýolbaşçylyk edip başlamagyndan soň, onuň ýaýradýan materiallarynda göze görnüp duran üýtgeşmäniň bolandygyny belledi.

«Asyl maksat — göreşiň nähili düşündirilýändiginde» diýip, ol sözüniň üstüne goşdy. Jadunyň aýtmagyna görä, AQIS Pakistany ABŞ-nyň bähbitlerine hyzmat edýän ýurt hökmünde görkezip, TTP-niň ýurduň içindäki urşuny ABŞ-a garşy global göreş hökmünde hödürleýär.

«Bu düşündiriş kök ursa, TTP öz hereketlerini asla üýtgetmese-de, onuň alyp barýan kampaniýasy Al-Kaýdanyň milli serhetlerden aşýan maksatlaryna hyzmat eder» diýip, ol aýtdy.