Gaza keselhanasynda bolan partlamadan soň, Baýden Ysraýyla ugrady

Halas edilen gyz

Gazada bir keselhanada bolan partlama ýüzlerçe palestinalyny öldürip, Ýakyn Gündogardaky dartgynlygy has ýokarlandyrdy we Hamasa garşy alyp barýan urşuny goldaýandygyny yşarat etmek üçin 18-nji oktýabrda Ysraýyla barýan ABŞ prezidenti Jo Baýdeniň öňünde durýan töwekgellikleri güýçlendirdi.

Ysraýyl Al-Ahli al-Arabi keselhanasynda bolan partlamany Palestinanyň Yslamçy Jihad toparynyň atan şowsuz raketasy bilen baglanyşdyrdy, emma palestin topary muny ret etdi.

Palestin resmileri Ysraýylyň uran howa zarbasynyň keselhana gelip urandygyny aýtdylar, palestin hökümetiniň saglyk ministri Ysraýyly "gyrgynçylyga" sebäp bolmakda aýyplady.

Ysraýyl harbylary täze beren ewakuasiýa maslahatlarynda Gaza kenaryndan 28 km uzaklykda ýerleşýän Al-Mawasi şäherinde kömek berilýän "gumanitar zonanyň" bardygyny aýtdylar.