Gazada bir hüjümde 21 ysraýylly esger heläk boldy

Gaza zolagy

23-nji ýanwarda Gaza zolagynda 21 ysraýylly esger heläk boldy, diýip Ysraýylyň harbylary habar berdi.

Bu Ysraýylyň Gazada ABŞ we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan terroristiki topar hökmünde ykrar edilen Hamas jeňçilerine garşy üç aýyň dowamynda alyp barýan söweşiniň dowamyndaky iň köp adam ýitgili hadysa boldy.

Esgerler Gazanyň merkezinde iki binany ýarmak üçin partladyjylary taýýarlaýan pursady, jeňçiler golaýdaky duran bir tanka granotomýotdan ot açdy diýip, harbylaryň metbugat wekili Daniel Hagari aýtdy.

Munuň netijesinde, partladyjylar ýarylypdyr we içinde esgerler bolan iki bina agypdyr.