Gazagystanda 30 ýyl mundan ozal ýatyrylan wise-prezident wezipesi dikeldiler. Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bu sözleri Milli gurultaýda, täze parlament özgertmeleriniň kabul edilendigini yglan edende aýtdy.
"Men Gazagystan Respublikasynyň wise-prezidenti wezipesiniň döredilmegini we onuň Konstitusiýada degişli derejede berkidilmegini göz öňünde tutýaryn" diýip, Tokaýew aýtdy.
Onuň ygtyýarlyklarynyň çäklerini prezidentiň özi kesgitleýär.
Wise-prezidentiň, prezidentiň görkezmesi boýunça, halkara forumlarynda we daşary ýurt delegasiýalary bilen gepleşiklerde Gazagystanyň bähbitlerini gorajakdygy, parlamentde prezidentiň bähbitlerine wekilçilik etjekdigi, içerki we daşary ýurt jemgyýetçilik-syýasy, ylmy we medeni-bilim guramalary bilen özara gatnaşykda boljakdygy, prezidentiň beýleki görkezmelerini ýerine ýetirjekdigi çaklanylýar.
Wise-prezidenti prezidentiň özi, parlamentiň razylygy bilen, sesleriň ýönekeý köplügi esasynda bellär.
Wise-prezident wezipesini girizmek teklibi bilen baglylykda, Kasym-Žomart Tokaýew Konstitusiýada "wise-prezidentiň resmi wezipelerine degişli esasy düzgünleriň" işlenip düzülmegini tabşyrdy.