Gazak resmileri russiýaly kiber-howpsuzlyk bilermeni Nikita Kislitsini Moskwa ekstradisiýa ederler diýip, 21-nji dekabrda Russiýanyň Baş prokuraturasy mälim etdi. Şol bir wagtda, Kislitsin Birleşen Ştatlar tarapyndan adamlaryň şahsy maglumatlaryny bikanun satyn almakda aýyplanyp, gözlenýär.
Iýunyň aýagynda gazak resmileri Kislitsiniň ABŞ-nyň haýyşy boýunça tussag edilendigini aýdypdylar.
Moskwa hem onuň Russiýa iberilmegini sorady we, käbir maglumatlara görä, gazak resmilerine Kislitsini entek ABŞ-a ibermäge howlukmazlyga çagyrypdyrlar.
Baş prokuraturanyň maglumatyna görä, Kislitsin Russiýada gorkuzyp pul almakda we rus kanunlary tarapyndan goralýan onlaýn maglumatlary edinmekde aýyplanýar.