Gazagystan Russiýa bilen serhetdeş sebitlerdäki ähli mallara sanjym edýär

Bezeg suraty

Gazagystanyň Pawlodar sebitinde, Russiýanyň Nowosibirsk sebiti bilen araçäkdeş ýerlerinde, ýurduň goňşy sebitlerinde ýaýran kesel sebäpli, mallara sanjym etmek işlerine başlandy.

Premýer-ministriň orunbasary Kanat Bozumbaýew parlament işiniň çäklerinde žurnalistlere şeýle diýdi:

"Geçen hepde biz Oba hojalyk ministrliginiň üsti bilen degişli dermanlary gyssagly satyn almak baradaky karara ses berdik. [Sebitdäki – red.] ähli mallara doly sanjym ediler" diýip, TASS habar agentligi ministriň aýdanlarynyna salgylanyp ýazdy.

16-njy martda Nowosibirsk oblastynda mallaryň arasynda pasterelleza we guduz keseliniň ýaýramagy sebäpli adatdan daşary ýagdaý yglan edildi. Sebit häkimiýetleri bäş etraby karantine aldy we haýwanlary köpçülikleýin tutup, ýok etdi. Soňky 15 günde haýwanlarda keseliň täze ýagdaýlarynyň ýüze çykarylmandygy aýdylýar.