Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 4-nji iýulda Russiýany, Hytaýy we Hindistany öz içine alýan, Eýrany agzalyga kabul etmäge taýýarlanýan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäginde has ýakyn energiýa hyzmatdaşlygyna çagyrdy.
Tokaýew ŞHG ýolbaşçylarynyň wirtual ýygnagynda Gazagystanyň Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň energiýa konferensiýasyny geçirmäge taýýardygyny aýtdy we geljek ýyl bu gurama üçin bilelikdäki energiýa strategiýasyny işläp düzmegi teklip etdi.