Gazagystan ýurtdan çykarylan serişdeleri yzyna getirmek isleýär

Bezeg suraty

Mejlis, gazak parlamentiniň aşaky öýi 14-nji iýunda daşary ýurt banklaryna bikanun geçirilen maliýe emläklerini yzyna gaýtarmak baradaky kanun taslamasyny tassyklady.

Indi ol taslama prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň täze kanuna gol çekmegi üçin Senat, parlamentiň ýokarky öýi tarapyndan tassyklanylmaly.

Bu kanun taslamasy Tokaýewiň 2022-nji ýylyň ýanwarynda ýurdy sarsdyran halk protestlerinden soň başlan reformalarynyň çäginde taýýarlandy.

Gazagystanlylaryň köpüsi bu kanuna şübheli garaýarlar, sebäbi Tokaýew we onuň hökümetiniň köp agzasy Nazarbaýew toparynyň öňki agzalary bolup durýar.