Gazagystanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň işgärleri 81 täjik raýatyny sowuk howada heläk bolmakdan halas etdiler.
Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň maglumatyna görä, Kokşetau şäherinde güýçli aýaz we ýol şertleriniň howpsuz däldigi sebäpli şäher arasynda gatnaýan awtobus saklandy. Awtobusyň içinde 81 daşary ýurtly, şol sanda 17 çaga bar eken. Ýolagçylaryň ählisi Täjigistanyň raýatlary bolup çykdy diýip, habarda bellenýär.
"Adatdan daşary ýagdaý ministrliginiň işgärleri, polisiýa bilen bilelikde, ýolagçylary ewakuasiýa edip, olary adaptasiýa merkezine we şäher myhmanhanasyna ýerleşdirdiler. Ýolagçylar zerur bolan kömekleri aldylar. Ewakuasiýa edilenler halas edijilere çalasyn hereket edendikleri we goldaw berendikleri üçin minnetdarlyk bildirdiler" diýlip, beýanatda aýdylýar.
Täjik raýatlarynyň barýan ýerleri barada anyk maglumat ýok. Adatça, olar Orsýete syýahat edenlerinde, Gazagystandaky gury ýer arkaly ýola çykýarlar.
Uçar biletleriniň gymmatlygy sebäpli, her ýyl müňlerçe täjik raýaty Russiýa ýa-da öz ýurtlaryna Gazagystanyň üsti bilen, gury ýer arkaly gitmäge mejbur bolýar. Täjik raýatlary käte ýolda heläkçilige uçrap, wepat bolýarlar.