Gazagystanyň Baş prokuraturasy komik Nurlan Saburowy, onuň Russiýanyň harby gullukçylarynyň üpjünçiligine mümkin gatnaşandygy sebäpli, hakyna tutma baradaky jenaýat maddasy boýunça barlamagy meýilleşdirýär. Bu barada respublikanyň baş prokurorynyň orunbasary Galymžan Koýgeldiýew aýtdy.
Gazagystanyň kanunçylygyna görä, ýaragly konfliktleri maliýeleşdirmek jenaýat jogapkärçiligine getirýär. Bu madda boýunça 7 ýyldan 12 ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy göz öňünde tutulýar.
Media maglumatlaryna görä, barlag üçin esas 2025-nji ýylyň tomsunda Istra şäheriniň ýolbaşçysy Tatýana Wikuşewanyň Telegram kanalyna ýerleşdiren ýazgysy boldy. Ol ýazgyda Istrin etrabynda ýaşaýan Saburowyň söweş zolagyna 10 motosikl iberendigi aýdylýar.
Häzirki wagtda ol post aýrylypdyr, emma onuň nusgalary birnäçe jemgyýetçilik sahypalarynda saklanyp galypdyr.
Saburow 6-njy fewralda Moskwanyň Wnukowo howa menzilinde saklandy we oňa Russiýa 50 ýyl möhlet bilen girmek gadagan edildi. Artist Gazagystana gaýdyp geldi, sosial ulgamlardaky profilini arassalady we ýagdaý barada teswir bermekden ýüz öwrüp, jikme-jiklikler bilen ýuristleriň we degişli edaralaryň meşgullanýandygyny aýtdy.