Gazagystanyň DIM-i Azattygyň 12 žurnalistiniň akkreditasiýasyny uzaltdy

Gazagystanyň Daşary işler ministrligi Azatlyk radiosynyň 12 žurnalistiniň akkreditasiýasyny uzaltdy. Ministrligiň beýleki 16 žurnalistiň akkreditasiýasyny uzaltmakdan ýüz öwürmegi bilen bagly meselä kazyýetde seredilýär.

Üç aýlyk akkreditasiýa alan 12 žurnalistiň arasynda Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugynyň (Azattyk Radio) we “Настоящее время” teleýaýlymynyň habarçylary bar.

Azattyk işgärlerine akkreditasiýa etmezlik, ýagny, işlemek ygtyýarnamasyny bermezlik meselesi geçen hepde Warşawada, Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň adam ölçeglerini durmuşa geçirmek baradaky konferensiýasynda hem gozgaldy.

Düýbi Astanada ýerleşýän “Hukuk media-merkeziniň” astanaly aklawçysy Gulmira Biržanowa halkara guramalaryny gazak hökümetiniň akkreditasiýa bermekden ýüz öwürmegini ýurduň halkara borçnamalarynyň bozulmagy hökmünde ykrar etmäge çagyrdy.