Gazagystanyň demirgazyk-gündogaryndaky Oskemen şäheriniň kazyýeti 11-nji iýunda separatizmde we häkimiýeti ele geçirmäge çagyryş etmekde aýyplanan iki ýaşaýja garşy türme tussaglygy hökümini çykardy.
Gündogar Gazagystan sebitiniň prokuraturasy şahsyýeti aýan edilmedik iki adamyň her birine bäş ýyl türme tussaglygynyň berlendigini, olaryň sebiti Russiýa Federasiýasyna birikdirmek barada referendum geçirmek üçin onlaýn çagyryşyny edip, eger-de sala salyşlyk öz maksadyna ýetmese, häkimiýeti güýç bilen ele geçirmegi öňe sürmekde günäli tapylandygyny aýtdy.
Russiýa 2022-nji ýylyň fewralynda Ukraina garşy giň gerimli urşa başlaly bäri Gazagystanyň birnäçe raýaty separatizm aýyplamalarynda aýyplanyp, türme tussaglygyna höküm edildi.