Transtelekom, Gazagystanyň esasy telekommunikasiýa operatorlarynyň paýdarlary Gazagystanyň öňki prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň agtygy Nurali Aliýewi kompaniýanyň direktorlar geňeşiniň başlygy wezipesine saýlady diýip, Gazgystanyň emläk biržasy 31-nji iýulda, giçlik habar berdi.
Bu habar prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň Nazarbaýewiň garyndaşparazlyk syýasatyny aç-açan ýazgarýan wagtyna gabat geldi. Tokaýew Gazagystanda 2022-nji ýylyň ýanwarynda bolan görlüp-eşidilmedik halk protestlerinden soň öňki prezidenti we onuň hökümetde, howpsuzlyk edaralarynda we girdejili energiýa kompaniýalarynda işleýän ýakyn garyndaşlaryny nyşana aldy.
Nazarbaýewiň käbir garyndaşlary korrupsiýada aýyplanyp, türme tussaglygyna höküm edildi.