Astanadaky kazyýet 19-njy dekabrda gazak oppozisiýa aktiwisti Askar Sembaýy alty ýyl azatlykdan mahrum etdi, ol ýurtda gadagan edilen oppozisiýa hereketi - Gazagystanyň Demokratik saýlawy (DWK) bilen hyzmatdaşlyk saklamakda aýyplandy.
Prokurorlar aktiwiste ýedi ýyl türme tussaglygynyň berilmegini soradylar.
Sembaý maý aýynda, DWK-nyň bosgunlykda ýaşaýan lideri, öňki bankir we hökümet tankytçysy Muhtar Ablýazow tarapyndan gurnalan protest ýygnanyşyklaryna gatnaşandan soň tussag edildi.
Astanadaky kazyýet geçen aý Gazagystanyň hasaba alynmadyk Alga Gazagystan (Öňe Gazagystan) partiýasynyň başlygy Marat Ýylanbaýewi ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm etdi. Ol hem DWK bilen hyzmatdaşlyk saklamakda günäli tapyldy.