Gazak polisiýasy sibirli aktiwisti Moskwanyň talaby esasynda tussag etdi

Aýhal Ammosow. Russiýa. Arhiw suraty

Gazagystanyň Almaty şäheriniň polisiýasy 9-njy oktýabr güni giçlik Russiýanyň Saha-Ýakutiýa respublikasynyň garaşsyzlygy ugrunda göreşýän “Soprotiwlenie” (Garşylyk) hereketiniň aktiwisti Aýhal Ammosowyň Russiýanyň haýyşy esasynda tussag edilendigini tassyklady.

Onuň Russiýa ekstradisiýa edilmegine garaşylýar.

Mundan öň Ammosowyň (Igor Iwanow diýlip tanalýar) birinji gün, näbelli adamlar tarapyndan alnyp gaçylandygy habar berlipdi.

Ammosowyň egindeşleriniň “Sota” telegram kanalyna aýtmaklaryna görä, gazak polisiýasy soňky günlerde aktiwistiň yzyndan aýrylmandyr.

Ukrainada dowam etdirýän basybalyjylygy sebäpli Russiýany tankytlaýan we urşa garşy eden açyk çykyşlary bilen tanalýan, urşa garşy gurnan protestleri üçin üç gezek jerime salnan we geçen ýyl polisiýa jenaýat işini açyp, rus ýaragly güýçlerini abraýdan düşürmek aýyplamasy esasynda derňewe başlanyndan soň, howpsuzlyk aladalary sebäpli ýurdundan göçen Ammosow soňky döwürde Gazagystanda ýaşaýardy.