Gazak sudy 2022-nji ýyldaky tolgunşyklarda gyzy öldürmekde günäli tapylanyň türme möhletini ýatyrdy

Aýkorkem Meldekhan

Gazagystanyň Ýokary sudy ýurtda 2022-nji ýylyň ýanwarynda bolan adam pidaly tolgunşyklaryň dowamynda dört ýaşly bir gyzyň ölümi bilen ilteşikli ýedi ýylda höküm edilen adamyň türme möhletini ýatyrdy.

Ýokary Suduň 6-njy iýunda Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, bu iş seljermek üçin şikaýatlara seredýän kazyýete ugradylypdyr we bu baradaky karar ýapyk gapylaryň aňyrsynda kabul edilipdir.

Bu iş bilen bagly türmä höküm edilen Arman Žuman ozalky harbydyr. Ol noýabrda wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda günäli tapyldy, emma 28-nji martda Astananyň harby sudy bu işi ýatyrdy.

Suduň gelen netijesine görä, 4 ýaşly Aýkorkem Meldekhan 2022-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda maşgalasy bilen ulagda söwda merkezine barýan mahaly, harby gullukçylar tarapyndan atylypdyr. Ulaga azyndan 20 ok atylypdyr. Hadysada Aýkorkemiň 16 ýaşly gyz dogany ýaralandy.