2023-nji ýylda Eýranda azyndan 834 adam jezalandyrylyp öldürildi. Bu 2022-nji ýylyň sanlary bilen deňeşdirilende 43% köpdür. Bu barada Eýranyň Adam Hukuklary toparynyň we düýbi Parižde ýerleşýän Agzybirlik bilen Ölüm jezasyna garşy atly guramanyň bilelikde taýýarlan hasabatynda aýdylýar.
5-nji martda ýaýradylan hasabatda bellenmegine görä, Eýranyň häkimiýetleri jezalandyrylyp öldürilenleriň 85% töweregini jemgyýetçilige aýan etmeýärler. Netijede ölüme höküm edilenleriň asyl sanynyň has köp bolmagynyň mümkindigi çaklanylýar.