'Gepländigi üçin köýdürilen ömürler'

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Düýbi ABŞ-da ýerleşýän "Human Rights Watch' guramasy Türkmenistanyň içinde we daşynda gümürtik ýagdaýda ýitirim edilen we türmä höküm edilen türkmenistanlylaryň ýagdaýyna köpçüligiň ünsüni çekýär.

Düýbi ABŞ-da ýerleşýän "Human Rights Watch' guramasy Türkmenistanyň içinde we daşynda gümürtik ýagdaýda ýitirim edilen we türmä höküm edilen türkmenistanlylaryň ýagdaýyna köpçüligiň ünsüni çekýär. Adam hukuklaryny goraýan abraýly halkara guramasynyň ýörite proýektinde ýurtda onlarça adamyň syýasy sebäpler bilen tussaglykda saklanýandygy ýa-da zorluk bilen ýitirim bolandygy, soňky ýyllarda türkmen hökümetiniň transmilli repressiýalarynyň ýaýraýandygy aýdylýar.