Germaniýa Ukraina üçin harby hemaýaty iki esse artdyrmakçy bolýar – çeşme

Germaniýanyň kansleri Olaf Şolz

Germaniýanyň kansleri Olaf Şolzuň koalision hökümeti öňümizdäki ýyl Ukraina üçin harby hemaýaty 8 milliard ýewro çenli artdyrmak barada ylalaşdy diýip, 12-nji noýabrda Berlindäki syýasy çeşme aýtdy.

Eger-de bu parlament tarapyndan tassyklanylsa, bu Germaniýanyň goranyş harajatlaryny jemi içerki önümiň 2.1%-e ýetirer.

Şolzuň Sosial-demokratlar partiýasy, Erkin Demokratlar we Ýaşyllar partiýasy 2024-nji ýylyň býujetini artdyrmak barada näresmi geçirilen duşuşykda ylalaşdylar.

Bundestag býujet boýunça resmi maslahaty 16-njy noýabrda geçirer.