Germaniýa Ukrainanyň energetika ulgamynyň Russiýanyň hüjümlerine garşy durmak ukyplylygyny güýçlendirmek üçin, goşmaça 88.5 million ýewro möçberinde hemaýat berer. Bu barada 21-nji dekabrda daşary işler we ykdysadyýet ministrleri bilelikdäki beýanat bilen mälim etdiler.
Ykdysadyýet ministrligi döwletiň eýeçiligindäki KfW bankyň üsti bilen 54.3 million ýewro, Daşary işler ministrligi hem Ukrainanyň energetika ulgamyny goldamak üçin 34.2 million ýewro goýberer.