Germaniýada yslama garşy ýörişde asly owganystanly biriniň pyçaklan polisiýa işgäri öldi

Germaniýanyň polisiýa işgärleri pyçaklanyp heläk bolan kärdeşiniň hormatyna baş gaplaryny çykarýarlar.

Germaniýada yslama garşy geçirilen ýörişiň dowamynda 29 ýaşly polisiýa işgärine pyçak bilen edilen hüjümden soň, kanun goraýjy 2-nji iýunda aradan çykdy.

31-nji maýda Germaniýanyň günorta-günbataryndaky Manneheim şäherindäki bazar meýdançasynda pyçagyny her ýana bulaýan hüjümçi, başga-da ençeme adamy ýaralady.

Hüjümde radikal yslama garşy çykýan “Pax Europa” toparynyň guran ýörişine gatnaşan bäş adam şikeslendi.

Hüjümi 25 ýaşly, asly owganystanly biri amala aşyrdy. Onuň matlaplary belli däl.

Polisiýanyň maglumatyna görä, ol saklanan mahaly ýaragdan ýaralanypdyr we soňy bilen operasiýa edilipdir.