Grossi Eýran bilen hyzmatdaşlygyň “dolulygyna kanagatlanarsyzdygyny” aýdýar

Atom Energiýasy boýunça Halkara Agentligiň başlygy Rafael Grossi (arhiw suraty)

BMG-niň atom energiýasy boýunça gözegçi edarasynyň başlygy Rafael Grossi Eýran bilen bar bolan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýynyň “dolulygyna kanagatlanarsyzdygyny” aýtdy. Ol 7-nji maýdaky bu belliklerini Tährana eden saparyndan soň aýtdy.

Ol Eýranda wagty häkimiýetleri ýurduň ýadro programmasy bilen baglylykdaky aladalara “anyk” çäreleri görmäge çagyrdy.

“Biz öňe ilerlemeli... Häzirki bar bolan ýagdaýlar meniň üçin kanagatlanarsyz. Biz petige diremegiň bosagasynda durus... bu ýagdaý üýtgedilmeli” diýip, Atom Energiýasy boýunça Halkara Agentligiň başlygy Wenanyň aeroportynda žurnalistlere aýtdy.