Günbatar liderleri Parižde Ukrainany geňeşýär, Kreml öz gatnaşmazlygynda geçjek maslahaty ret edýär

Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow 26-njy fewralda bu pikiri "geň-enaýy" diýip atlandyrdy.

Russiýa Şweýsariýanyň Ženewada, Moskwanyň gatnaşmazlygynda geçirilmegi mümkin gepleşikler, parahatçylyk meýilnamasy barada öňe süren pikirini “gülkünç” diýip atlandyrdy we, ýarag we adam güýçleri meselesinde yza galan ukrain güýçleriniň gündogarda ikinji ýerleşen posiziýasyndan hem çykarylandygyny aýdyp, ony ret etdi.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 25-nji fewralda ýakyn aýlarda, parahatçylyk görüşlerini ara alyp maslahatlaşmak üçin, dünýä liderleriniň gatnaşmagynda Şweýsariýada geçiriljek sammite umyt baglaýandygyny aýtdy. Şweýsariýanyň prezidenti Wiola Amherd şondan bir gün öň öz bitarap ýurdunyň ýokary derejeli parahatçylyk maslahatyna beýemçilik etmäge taýýardygyny aýdypdy.

"Men bu sammitiň şu ýazda geçiriljekdigine umyt edýärin. Biz bu diplomatik başlangyjy elden bermeli däl" diýip, Zelenski parahatçylyk inisiatiwasynyň ahyr netijede Moskwa hödürlenmegine garaşýandygyny hem sözüne goşdy.

Emma Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow 26-njy fewralda bu pikiri "geň-enaýy" diýip atlandyrdy.

"Biziň düşünişimize görä, Ženewa platformasy diýilýäniň gün tertibinde bir geň-enaýy mesele - Zelenskiniň parahatçylyk meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak baradaky konferensiýa durýar” diýip, Peskow aýtdy.

"Biz munuň bolmanda geň bir gurmaçylykdygyny birnäçe gezek aýtdyk, sebäbi käbir parahatçylyk meýilnamalary Russiýanyň gatnaşmazlygynda ara alnyp maslahatlaşylýar, bu düýpden çynlakaý däl we hatda gülkünç" diýip, Peskow hepdelik metbugat ýygnagynda aýtdy.

Şu aralykda, urşuň üçünji ýylyna girmegi bilen, 20 töweregi günbatar ýolbaşçysy we ýokary derejeli resmi 26-njy fewralda, Ýewropanyň Ukrainany goldamakdaky aýgytlylygyny güýçlendirmek üçin, Parižde ýygnanýar.

"Biz Russiýanyň prezidenti [Wladimir] Putine Ukrainada ýeňiş gazanyp bilmejekdigi barada örän açyk-aýdyň habar göndermek isleýäris" diýip, Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makronyň bir geňeşçisi žurnalistleriň gyssanmaç ýagdaýda guralan duşuşyk barada beren soraglaryna jogap berende aýtdy.

"Biziň maksadymyz bu pikiri, onuň haýsydyr bir ýagdaýda ýeňiş gazanjakdygyna biziň ynanmagymyz baradaky islegini ýok etmekden ybarat" diýip, geňeşçi sözüniň üstüni ýetirdi.

Şol bir wagtda, ukrain güýçleri özleriniň Awdiýewkanyň bäş km demirgazyk-günbataryndaky obadan, Lastoçkinadan yza çekilendiklerini tassyk etdiler. Awdiýewka geçen hepde, aýlap dowam eden gazaply söweşlerden soň, rus goşunlarynyň öňünde ýan berdi.

"Bu guramaçylykly we aň-düşünjeli yza çekiliş" diýip, harbylaryň metbugat wekili Serhiý Tsekotskiý Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtdy. “Dowla düşmek gerek däl. Iň esasy mesele ukrain harbylarynyň janyny halas etmekde" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Argynlykdan başga, ukrain güýçleri agyr ýaraglaryň we ok-därileriň ýetmezçiliginden ejir çekýär, sebäbi ABŞ-nyň örän zerur bolan harby kömegi respublikanlaryň gözegçiligindäki Wekiller öýünden geçip bilmän saklanýar. Respublikanlar Ukraina berilmeli 61 milliard dollar kömegi hem öz içine alýan kanun taslamasyny kabul etmekden ýüz öwürýär.

Sebit resmileriniň we harbylaryň aýtmagyna görä, Russiýanyň 26-njy fewralda demirgazyk-gündogardaky Sumy sebitine uran howa zarbasynda, täze dron we raketa tolkunynda azyndan iki adam heläk boldy.

Ýunakiýiw obasyna urlan zarbada "hususy ýaşaýyş jaýy ýumruldy, başga-da bäş jaýa zyýan ýetdi. Bu zarbalar netijesinde bir jübüt öldürildi" diýip, Sumynyň sebit häkimiýetleri telegramda çap eden habarlarynda aýtdylar.

Ukrainanyň howa goragy Russiýanyň 26-njy fewralda, irden uçuran 14 pilotsyz uçarynyň dokuzysyny urup gaçyrdy diýip, harbylar aýtdy. Şeýle-de, harbylar ruslaryň atan üç sany ganatly raketasynyň asmanda urlandygyny aýtdylar.