Ukrain goşuny, gündogardaky we günortadaky front liniýalarynda rus goşunlary bilen barýan gazaply söweşleriň arasynda, Ukrainanyň günortasyna edilen dron hüjümleriniň köpüsiniň öňüni alandygyny aýdýar.
Ýurduň birnäçe sebitinde howa hüjümi duýduryşlarynyň yglan edilmegi bilen, Ukrainanyň howa goragy Russiýanyň 28-nji sentýabr güni irden uçuran 44 sany pilotsyz uçarynyň 34-sini urup gaçyrandygyny aýtdy. Urlan uçarlaryň Eýranda öndürilen “Şahid” dronlary bolandygy aýdylýar.
"Bu hüjümi yzyna serpikdirmek işine söweş uçarlary, uçara garşy raketa bölümleri we ykjam ýangyn toparlary gatnaşdy" diýip, howa goranyşynyň habarynda öten agşam Russiýanyň alty sany aňtaw dronynyň hem urlandygy habar berildi.
Ukrainanyň harby metbugat sekretary Natalýa Humenýuk 28-nji sentýabr güni irden Russiýanyň pilotsyz hüjüm tolkunynynyň tutuş günorta Ukraina gönükdirilendigini aýtdy.
"Zarba urujy dronlaryň birnäçe topary işe girizildi ... howa goragy tasdan tutuş günorta ugrunda - Odesa, Mikolaýew sebitlerinde işledi. Şeýle-de, duşman has ýokary demirgazykda eden hüjümlerini Ukrainanyň merkezine gönükdirdi" diýip, Humenýuk aýtdy.
Russiýa "basyşyny togtatmaýar we täze taktikalary gözleýär: hususan-da köpçülikleýin hüjümleri ulanmak bilen" diýip, Humenýuk telegramda ýazdy.
Soňky hüjüm Russiýanyň 27-nji sentýabr güni giçlik Ukrainanyň günortasyndaky Herson şäherini topa tutanyndan soň boldy.
Sebit harby administrasiýasynyň başlygy Oleksandr Prokudin ýerli wagt bilen sagat 10: 00-da Hersonyň uly topa tutuşlyga sezewar bolandygyny habar berdi.
Moskwa geçen ýyl sebit paýtagtyndan çekilmäge mejbur bolaly bäri, Russiýa Hersonyň ukrain gözegçiligindäki bölegini yzygiderli topa tutýar.
Russiýanyň 26-njy sentýabrda eden pilotsyz uçar hüjümleri we topa tutmalary Herson bilen Mikolaýiw şäheriniň arasyndaky demirýol aragatnaşygyny gysga wagtlyk kesdi, bu ýerler 27-nji sentýabrda hem howa hüjümi duýduryşlary astynda boldy.
Söweş meýdanyndan berlen habarlara görä, ukrain güýçleri soňky 24 sagadyň dowamynda 26 töweregi ýakyn söweş çaknyşygynda boldy, olar gündogar Donetsk sebitinde, hususan-da Bahmut, Awdiýwka we Mariýnka sebitlerinde rus güýçleriniň öz pozisisiýalaryna eden hüjümleriniň birnäçe tolkunyny yzyna serpikdirip, günortadaky Robotine obasyny elde saklamak tagallalaryny güýçlendirdiler.
Ukrain goşunynyň baş ştabynyň 28-nji sentýabrda beren gündelik hasabatyna görä, Russiýa bu obany yzyna almaga synanyşýar.
Prezident Wolodymyr Zelenski 27-nji sentýabrda ukrain güýçleriniň Donetskdäki rus goşunlaryna garşy söweşde üstünlik gazanýandygyny aýtdy.
"Biz Donetsk ugrunda öňe süýşýäris" diýip, Zelenski harby işgärler bilen geçirilen wideoşekilli konferensiýadan soň aýtdy we Hersondaky ýagdaýlar barada hem maglumat alandygyny habar berdi.
"Ruslar [artilleriýa oklarynyň] ýetip biljek ýerlerinde terrorçylygy dowam etdirýärler" diýip, prezident aýtdy.
Zelenski geçen hepde Russiýanyň Gara deňiz flotunyň baş edarasyna edilen raketa hüjüminden soň, Russiýanyň garşysyna ýene täze çäreleriň görüljekdigini wada berdi.