Geçen hepde Moskwanyň bir gijeki klubynda, “Mutaborda” guralan "tas ýalaňaç" diýilýän agşamy gurnaýjy we bu oturyşyga gatnaşan birnäçe meşhur adam, resmi tankyt tolkunynyň we bir gatnaşyjynyň "huligançylyk" sebäpli türme tussaglygyna höküm edilmeginiň arasynda, gyssanmaç ýagdaýda ötünç soramaly boldy.
21-nji dekabrda “Mutabor” klubynda, blogçy Anastasiýa Iwleýewa tarapyndan gurnalan oturylyşyga Filipp Kirkorow, Anna Asti, Ýewrowideniýe aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijisi bolan Dima Bilan, Lolita Milýawskaýa, žurnalist Ksenia Sobçak we rapçy Wasio (Nikolaý Wasilýew) ýaly, köp meşhur adam gatnaşdy. Wasilýew, repçy bagşy bu oturylyşyga öz jynsy organyna diňe jorap geýip geldi.
Wasio 27-nji dekabrda Moskwanyň kazyýeti tarapyndan "huligançylykda" aýyplanyp, 15 gije-gündiz tussaglyga höküm edildi. Şeýle-de, häkimiýetler ony "LGBT gatnaşyklaryny wagyz etmekde" aýyplap, 200 000 rubl (2180 dollar) jerime tölemeli etdiler.
Moskwanyň Lefortowo etrap kazyýeti Iwleýýewany günäkärlemedi, ýöne oturylyşykda "adaty bolmadyk jyns gatnaşyklarynyň wagyz edilendigi" barada karar çykardy. Geý gatnaşyklaryny wagyz etmek Russiýada kanun esasynda çäre görülmeli jenaýat bolup durýar.
Iwleýewa oturylyşygy gurnandygy üçin internetde ýerleşdirilen iki wideoda ötünç sorady.
"Olar Russiýanyň bagyşlap bilýändigini aýdýarlar. Eger bu şeýle bolsa, men sizden we halkdan ikinji mümkinçiligiň berilmegini örän haýyş etmek isleýärin" diýip, Iwleýewa bir wideoýazgyda bu waka bilen baglylykda göwnüne degeninlerden ötünç sorady.
Aýdymçylar Milýawskaýa, Bilan we Kirkorow, žurnalist Sobçak hem ötünç soraýan wideolaryny çap etdiler.
Emma muňa garamazdan, olaryň onlaýn arkaly soran ötünçleri bu waka bilen bagly dörän ykdysady netijeleriň öwezini dolmaga kömek ederden has ejiz görünýär.
Habarlara görä, Russiýanyň iň uly mobil aragatnaşyk operatory MTS, Tinkoff Bank, VK sosial ulgamy, şeýle-de TNT we NTV teleýaýlymlary Iwleýewa we bu oturylyşyga gatnaşan beýleki meşhur adamlar bilen baglaşan mahabat, wagyz şertnamalaryny ýatyrdy.
Şeýle-de, ýalaňaçlaryň oturylyşygyna gatnaşan tomaşa, şowhun wekilleriniň köpüsiniň öňde duran konsertleriniň, Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli taýýarlanylýan ýörite telegepleşiklerde etjek çykyşlarynyň, bu hili baýramçylylyk çärelerin gatnaşmagynyň ýatyrylandygy aýdylýar.
Oturylyşyga gatnaşanlaryň birden yzly-zyzyna peýda bolan ötünç tolkuny internetde gyzgalaňly çekişmeleriň döremegine sebäp boldy, ruslaryň käbiri olary sowet diktatory Iosif Staliniň döwründäki adamlar bilen deňeşdiripdi. Şol döwürde köp adam köpçülikleýin arassalaýyş çäreleri wagtynda janyny goramak, başyny ýamandan satyn almak üçin, başga alaç tapman, hakyky ýa-da hyýaly, etmedik işleri, günäleri üçin ötünç sorap, toba edipdi.
Şahyrlar Artýom Kamardin and Ýegor Ştowba
Şu aralykda, 28-nji dekabrda Moskwa kazyýeti şahyrlar Artýom Kamardini we Ýegor Ştowbany, Russiýanyň Ukrainadaky urşuny ýazgarýan goşgularyny aç-açan okap, il içinde "ýigrenç duýgularyny öjükdirmek we döwlete garşy çärelere çagyrmak" aýyplamasy bilen, ýedi we 5 ýarym ýyl azatlykdan mahrum etdi.
Höküm edilen şahyrlaryň goldawçylary, kazyýetiň karary yglan edilenden soň, yzly-yzyna "Utanç!" diýen şygara gygyrdylar. Polisiýa olaryň birnäçesini tussag etdi.
Mundan öň, maý aýynyň başynda, derňewçiler bilen hyzmatdaşlyga razy bolan başga bir şahyr, Nikolaý Daineko şu hili aýyplamalar bilen dört ýyl azatlykdan mahrum edilipdi.