Gürjüstanyň “daşary ýurt agenti” kanuny tassyklanandan soň protestler dowam edýär

14-nji maý gijesi Tbiliside "daşary ýurt agenti" kanunyna garşy geçiriljek ýörişe gatnaşmak üçin ýygnanan protestçiler

Tbiliside müňlerçe gürji demonstranty, birnäçe hepde bäri dowam edýän protestlere we ABŞ-nyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň tankytlaryna garamazdan, dolandyryjy “Gürji arzuwy” partiýasy tarapyndan öňe sürlen we onuň gözegçiligindäki mejlisde 14-nji maýda tassyklanan jedelli "daşary ýurt agenti" kanunyna garşy nägileligini 15-nji maýyň ir säherine çenli dowam etdirdi.

Parahatçylykly protestleri goldamak üçin çykyş eden prezident Salome Zurabişwili kanunçylyga weto goýjakdygyny aýtdy. Onuň weto ygtyýarlyklaryny ulanmak üçin 10 gün wagt möhleti bar.

Muňa garamazdan, parlamentde “Gürji arzuwynyň” we onuň hyzmatdaşlarynyň agdyklyk edýän pozisiýasy prezidentiň wetosyny ýatyrmak üçin ýeterlik derejede güýçlüdir.

Kanun, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň başgaça pikirlileri we garaşsyz institutlary basyp ýatyrmak üçin ulanan rus kanunyna çalymdaş bolansoň, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan berk ýazgarylypdy.