Gyrgyz aktiwisti tussaglykdan çykanyndan iki gün soň, ýene saklandy

Askat Jetigen

20-nji martda Bişkegiň sudy aktiwist Askat Jetigeni azyndan iki aý möhlet bilen deslapky tussaghana ibermek barada höküm çykardy. Aktiwist hamala adamlary köpçülikleýin bidüzgünçiliklere çagyrmakda aýyplanýar. Ol derňew işleri işleri geçirilýänçä tussaglykda bolar.

Bu hökümden iki gün öň, geçen dynç günleri saklanan Jetigen tussaglykdan boşadylypdy we oňa ýurdy terk etmezlik tabşyrylypdy.

Jetigen gyrgyz hökümetiniň tankytçysydyr. Onuň ýurduň Medeniýet ministrligini tankytlaýan soňky wideosy 15-nji martda çap bolupdy.

Hukuk toparlary gyrgyz hökümetini “köpçülikleýin bidüzgünçilikere çagyryş” aýyplamasyny dissidentleri sem etmek üçin ulanmakda tankytlaýarlar.