Gyrgyz kazyýeti garaşsyz žurnalisti öý tussaglygyna höküm etdi

Ali Ergeşew

Gyrgyzystanyň kazyýeti 15-nji fewralda garaşsyz žurnalist Ali Ergeşewi huligançylykda (bozgaklykda) aýyplap, azyndan 13-nji marta çenli öý tussaglygyna höküm etdi.

Ergeşew mundan iki gün öň Bişkekdäki Manas howa menzilinde, bir zaman sebitde iň azat media giňişligine eýe bolan ýurtda garaşsyz metbugata edilýän basyşlaryň arasynda tussag edildi.

Gyrgyz polisiýasy geçen aý, "boýun egmezlige we köpçülikleýin bidüzgünçiliklere çagyrmak" aýyplamasy bilen, “Temirow LIVE” derňew toparynyň öňki we häzirki 11 habarçysyny tussag etdi.

Soňky aýlarda Gyrgyzystanyň beýleki habar beriş serişdelerine we habarçylaryna hem basyş edilýändigi habar berilýär.