Gyrgyz prezidenti bazarlara “daşardan dolandyryşyň” ornaşdyrylyp bilinjekdigini duýdurdy

Prezident Sadyr Japarow täze salgyt ulgamy barada çykyş edýär

Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Japarow eger-de bazar söwdagärleri göz öňünde tutulýan täze salgyt düzgünlerine garşy protest çärelerini bes etmeseler, onda söwda nokatlaryna “daşardan dolandyryşyň” ornaşdyryljakdygyny duýdurdy.

Japarow 6-njy dekabrda eden çykyşynda “daşardan dolandyryş” diýen aňlatmasyny aýdyňlaşdyrmady.

Planlaşdyrylýan täze salgyt düzgünlerine laýyklykda, söwdagärler indi nagt puly elektronik hasaplaýjylar arkaly kabul ederler, şeýle-de satylan her bir haryt üçin salgyt tölärler.

Mundan bir gün öň, Japarow salgyt düzgünleriniň ozal meýilleşdirilişi ýaly 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan däl-de, 1-nji iýuldan başlap güýje girjekdigini mälim etdi.

30-njy noýabrdan bäri, Gyrgyzystanyň dürli künjeklerinde müňlerçe söwdagär häzirki salgyt düzgünleriniň saklanyp galmagy ugrunda protest geçirýär.