Gyrgyz prezidenti, protestlerden soň, täze salgyt ulgamyny yza süýşürdi

Gyrgyz prezidenti Sadyr Japarow 5-nji dekabrda Dordoi bazarynyň öňünde çykyş edýär.

Gyrgyzystanda öňümizdäki ýyldan başlap bazarlardaky söwdagärlere girizilmegi göz öňünde tutulýan täze salgyt düzgünlerine garşy dowam edýän protestleriň arasynda, gyrgyz prezidenti täze taslamany alty aý möhlet bilen yza süýşürdi.

5-nji dekabrda prezident Sadyr Japarow bu kararyny ýurduň Salgyt gullugynyň täze düzgünlere “taýýarsyzlygy” bilen düşündirdi.

30-njy noýabrdan bäri, Gyrgyzystanyň dürli künjeklerinde müňlerçe söwdagär häzirki salgyt düzgünleriniň saklanyp galmagy ugrunda protest geçirýärler.

Göz öňünde tutulýan täze ulgama laýyklykda, söwdagärler elektronik pul hasaba alyjylary ulanmaly bolarlar we her bir satylan haryt üçin salgyt tölärler.