6-njy fewralda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow özüniň gyrgyz kärdeşi Sadyr Žaparow bilen telefon söhbetdeşligini geçirdi.
Resmi maglumata görä, gyrgyz tarapynyň başlangyjy boýunça geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda, Berdimuhamedow Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde 2-nji fewralda ýylylyk elektrosentralynda bolan partlama baradaky habara duýgudaşlyk bildiripdir.
Žaparow, şol sanda Türkmenistanyň Gyrgyzystana ynsanperwer goldaw hökmünde muzdsuz iberen 2 müň tonna suwuklandyrylan gazy üçin “tüýs ýürekden” hoşallygyny bildiripdir.
Energiýa serişdelerine baý Türkmenistanyň ilaty elektrik energiýasynyň we tebigy gazyň kadasyz üpjünçiligi bilen ýyllarboýy ýüzbe-ýüz bolup gelýär. Bu ýagdaýlar barada türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri hiç hili mesele gozgamaýarlar.