Gyrgyz prokurorlary serhet ylalaşygy protestçilerine 20 ýyl soraýar

Gyrgyzystanyň Kempir-Abad suw howdanynyň Özbegistana berilmegi baradaky ylalaşyga protest bildiren adamlar. 28-nji dekabr, 2023-nji ýyl.

Gyrgyz prokurorlary 10-njy iýunda Bişkek kazyýetinden serhet ylalaşygyna garşy çykandygy üçin sud edilýän gyrgyz toparynyň 27 agzasyna uzak möhletli türme tussaglygy hökümleriniň çykarylmagyny sorady.

Prokurorlar bu işde günäkärlenýänleriň her biriniň bar bolan emläkleriniň ellerinden alynmagyny we 20 ýyl azatlykdan mahrum edilmegini soradylar.

Bu adamlar 2022-nji ýylda tussag edildi we, Gyrgyzystanyň Kempir-Abad suw howdanynyň Özbegistana berilmegi baradaky ylalaşyga protest bildirenlerinden soň, köpçülikleýin bidüzgünçilikleri guramakda hem-de häkimiýeti ele geçirmek üçin dil düwüşmekde aýyplandy.

Soň ol 27 tussagyň köpüsi öý tussaglygyna geçirildi. Kazyýet işi, materiallaryň gizlin diýlip kesgitlendigi sebäpli, ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilýär.