Gyrgyz türmesindäki aktiwistler lukmançylyk barlaglaryny talap edýärler

Kempir-Abad işinde aýyplanan tussaglar

Gyrgyzystanda gyrgyz-özbek serhet şertnamasyna garşy çykandyklary üçin tussag edilen sekiz aktiwist we syýasatçy 28-nji maýda beýanat ýaýratdy. Oturan tussaghanalarynda azyndan iki tussaga inçekesel diagnozy goýlanyndan soň, olar häkimiýetleri gyssagly lukmançylyk barlaglaryny geçirmäge çagyrdylar.

2022-nji ýylda, şol bir iş esasynda aýyplanan 19 adam bilen bilelikde tussag edilen sekiz adam Gyrgyzystanyň Kempir-Abad suw howdanynyň Özbegistana berilmegi üçin baglaşylan şertnama protest bildirenlerinden soň, köpçülikleýin bidüzgünçilikleri gurnamakda we häkimiýete ele geçirmek planyny çekmekde günäkärlendi.

Bu toparda saklanan on dokuz adam soň öý tussaglygyna geçirildi.