Gyrgyzystan, Nipah wirusy sebäpli, Hindistandan getirilýän et önümlerine çäklendirme girizdi

Bezeg suraty

Gyrgyzystan, Nipah wirusy sebäpli, Hindistandan mal we et önümleriniň importyna wagtlaýyn çäklendirme girizdi.

Bu karar Suw hojalygy, oba hojalygy we gaýtadan işleýän senagat ministrliginiň ýanyndaky Weterinariýa, maldarçylyk, öri meýdanlary we ot-iým ösdürip ýetişdirmek gullugy tarapyndan kabul edildi.

Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň habaryna görä, agentlik bu çäräniň ýurduň weterinariýa we sanitariýa howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilendigini aýtdy.

Hindistanyň Günbatar Bengal ştatynda adamlar üçin çynlakaý howp döredýän Nipah wirusy bilen kesellänler ýüze çykarylanyndan soň, Aziýa ýurtlarynyň bir toparynda sanitariýa gözegçiligi güýçlendirildi.

Ýanwar aýynyň başynda Hindistanda saglygy goraýyş işgärleriniň bäş sanysyna Nipah wirusynyň ýokuşandygy, olaryň biriniň ýagdaýynyň agyrdygy habar berildi.

Hindistanyň Saglygy goraýyş ministrligi 28-nji ýanwarda Günbatar Bengaliýada dekabr aýyndan bäri Nipah wirusynyň ýokuşmagynyň iki ýagdaýynyň hasaba alnandygyny habar berdi.

Wirus ýokuşan adamlar bilen gatnaşykda bolan jemi 196 adam anyklanyp, olaryň ählisi barlagdan geçirildi. Ýöne olarda güman edilýän ýokanç keseliň hiç bir alamaty tapylmady. Şeýle-de, ministrlik ýalan maglumatlaryň, esassyz myş-myşlaryň ýaýradylmagyna garşy duýduryş etdi.