Gyrgyzystanda çagalar üç ýaşy dolýança döwletden aýda $14 alar

Çagaly ene. Bezeg suraty

Üç ýaşdan kiçi gyrgyz çagalarynyň her biri şu ýylyň 1-nji iýulyndan başlap döwletden aýda "Bala Yrysy" (Çagalaryň bagty) atly kömek puluny alar.

Prezident Sadyr Žaparowyň gol çeken permanyna laýyklykda, kömek pulunyň möçberi 1200 som (13,70 dollar) bolar we ol maşgala girdejisine garamazdan tölener.

Žaparow, kömek puly baradaky kararyň raýatlaryň haýyşlaryna jogap hökmünde kabul edilendigini we çaga ösüşiniň iň möhüm döwründe maşgalalara goldaw bermäge gönükdirilendigini aýtdy.

Milli statistika komitetiniň maglumatlaryna görä, Gyrgyzystanda üç ýaşdan kiçi takmynan 445 müň çaga bar. Şeýlelikde, döwlet "Bala Yrysy" tölegi üçin aýda 530 million somdan (takmynan 6 million dollar) gowrak serişdäni bölüp berer.

Gyrgyz parlamentiniň deputatlary mundan öň, sosial goldawy giňeltmek maksady bilen, bu baradaky kanun taslamasyny jemgyýetçilik ara alyp maslahatlaşmasyna hödürläpdiler. Olar 12 ýaşdan kiçi çagalary bolan ähli raýata (maşgalalara), eger maşgala mätäç hasaplansa, 16 ýaşdan kiçi çagalara hem kömek pullaryny tölemegi teklip etdiler.