Gyrgyzystanda milli baýdagy kemsitmekde şübhelenip alty adam saklandy

Bezeg suraty

Gyrgyzystanyň günortasyndaky Jalal-Abad regionynda geçen hepde ýurduň milli baýdagyny kemsitmekde şübhelenip alty adam, şol sanda iki sany ýetginjek gyz saklandy. Bu barada 5-nji iýunda Gyrgyzystanyň Milli Howpsuzlyk boýunça Döwlet Komiteti mälim etdi.

30-njy maýda Suzak etrabynyň Bek-Abad obasynda iki mekdebiň üstündäki milli baýdaklar aýrylyp, soňy bilen otlandylar. Muny edenler aýran baýdaklarynyň deregine ýüzünde arapça dini çagyryşlar ýazylan ak baýdaklary ýerleşdirdiler.

Milli Howpsuzlyk boýunça Döwlet Komiteti saklananlaryň Hizb ut-Tahrir yslamçy toparynyň agzalarydygyny mälim etdi. Bu topar ozalky sowet respublikasynda ekstremistiki hasaplanýar we ol gadagan edilendir.