Gyrgyzystanda 24.kg garaşsyz internet neşiriniň edaralarynda gözleg işleriniň geçirilmeginiň ertesi güni, kanun goraýjylar Bişkekde “Temirov Live” derňew toparynyň we “Ait Ait Dese” proýektiniň häzirki we ozalky sekiz işgärini sorag etmek üçin, sakladylar.
Bu hökümetiň garaşsyz media serişdelerine garşy alyp barýan basyş kampaniýasynyň çäginde bolup geçdi.
“Temirov Live” toparynyň esaslandyryjysy we belli derňewçi žurnalist Bolot Temirowyň sözlerine görä, žurnalistler saklanmazyndan ozal, olaryň öýleri hem dökülipdir.
Temirowyň sosial ulgamlarda ýerleşdiren maglumatyna görä, bu gözlegler we saklanmalar “Temirov Live” toparynyň ýakynda çykaran iki derňew işi bilen bagly bolmagy mümkin.
Olaryň birinde prezident Sadyr Japarowyň Täze ýyl gijesiniň öň ýany hökümetiň uçarynda Italiýanyň Milan şäherine şahsy syýahat edendigi aýdylýar.
Ikinji derňewde Içeri işler ministrligiň düzümindäki, şol sanda ministr Ulan Niýazbekow bilen ilteşikli korrupsiýa ýagdaýlary barada gürrüň edilýär.
Içeri işler ministrligi soňky çäreleriň “Temirov Live” tarapyndan aýdyňlaşdyrylmadyk bir maglumatda “köpçülikleýin bidüzgünçiliklere çagyryş edilendigi boýunça” açylan derňew bilen baglydygyny öňe sürdi.