Gyrgyzystanda mundan iki ýyl ozal gyrgyz-özbek serhet araçäginiň bölünmegi boýunça protest geçireni üçin saklanan 11 aktiwist, şeýle-de bu iş boýunça geçýän başga-da 16 adam, öz işlerine seredýän kazy Marat Sydykowy, diňlenişigi dowamly yza süýşürip, öz hak-hukuklaryny depelemekde aýypladylar.
13-nji martda Bişkegiň “Birinji Maý” etrap sudy jogapkärçilige çekilenleriň aklawçylarynyň üçüsiniň ýarawsyzlygy sebäpli, sud diňlenişiginiň yza geçirilendigini mälim etdi.
Şu hepdäniň başynda, Gyrgyzystanyň üç regionynda ýüzlerçe adam ýöriş geçirip, sud edilýänleriň azatlyga goýberilmegini talap etdiler.
Aktiwistler 2022-nji ýylyň oktýabrynda tussag edildi. Olar Gyrgyzystanyň Kempir-Abad suw rezerwuaryny Özbegistanyň gözegçiligine geçirmek boýunça ylalaşyga garşy protest geçiripdiler.