Gyrgyzystanda ýörite gulluklaryň öňki başlygynyň dogany korrupsiýada aýyplanýar

Şairbek Taşiýew

Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk döwlet komitetiniň fewral aýynda işden çekilen başlygy Kamçybek Taşiýewiň dogany, parlamentiň öňki agzasy Şairbek Taşiýew korrupsiýa işinde aýyplanýar.

Gyrgyzystanyň Içeri işler ministrliginiň maglumatyna görä, ol "Gyrgyzneftegaz" kompaniýasyndaky ogurlyk boýunça geçirilýän jenaýat derňewiniň çäginde saklandy. Bu derňew Ministrler kabinetiniň ýanyndaky Döwlet salgyt gullugynyň materiallary, şeýle-de audit netijeleri esasynda başlandy.

Içeri işler ministrligi, derňewiň dowam edýändigi sebäbpli, jikme-jiklikleriň aýan edilmeýändigini aýtdy.

Bu kompaniýadaky kanun bozmalar bilen baglanyşykly birnäçe adam, şol sanda "Gyrgyzneftegaz" kompaniýasyna degişli kompaniýanyň ýolbaşçysy, Taşiýewleriň ýegeni Baýgazy Matisakow hem tussag edildi.

Şairbek Taşiýew Ýogorku Keneşiniň 8-nji çagyrylyşynyň deputatydy, ýöne ol "Gyrgyzneftegaz" işi boýunça başlanan derňewden we dogany wezipesinden çekileninden soň, Kamçybek Taşiýewe ýakyn hasaplanýan on iki deputat bilen birlikde, öz mandatyndan ýüz öwürdi.


Degişli maglumat

Kamçybek Taşiýew Baýram namazyna gatnaşyp, derňewleriň fonunda halkdan ötünç sorady