Gyrgyzystanyň metjitlerinde köp aýallylygy jenaýat jogapkärçiliginden çykarmak boýunça gol ýygnaldy. Bu başlangyç nähili netijä getirdi?

Bişkekdäki metjit. Illýustrasiýa suraty

Gyrgyzystanda köp aýallylyk meselesi ýene-de jemgyýetçilik çekişmeleriniň merkezine çykdy. Bu gezek muňa metjitlere gelýän adamlaryň arasynda jezany ýumşatmak üçin gol ýygnalmagy sebäp boldy. Başlangyjy öňe sürýänler degişli maddany jenaýat kodeksinden çykaryp, administratiw düzgün bozma hökmünde girizmegi teklip edýärler. Içeri işler ministrligi hem muňa tizden jogap berip, gatnaşyjylary “düşündiriş gürrüňlerine” çagyrdy.

Gyrgyzystanyň sosial torlarynda metjidiň gapysynda adamlardan köp aýallylyk üçin jezany ýeňilleşdirmek baradaky başlangyja gol çekmek soralýan wideo giňden ýaýrady.

“Köp uly doganlarymyz gelip bizi goldaýar. Siz hem geliň” — diýip, wideodaky erkek adam ýüzlenýär.

WIDEO (rusça). Gyrgyzystanda köp aýallylyk üçin jezany ýeňilleşdirmek teklip edildi. Bu başlangyjy öňe sürenleri polisiýa çagyrdy.

Häzirki wagtda Gyrgyzystanda köp aýally nikasy üçin jenaýat jogapkärçiligi göz öňünde tutulýar. Iki ýa-da birnäçe aýaly bolan erkekler kanun boýunça jemgyýetçilik ýa-da düzediş işlerine çekilip bilner, ýa-da 50 müňden 100 müň soma çenli (takmynan 530–1060 dollar) jerime tölemeli bolýar.

Başlangyjyň awtorlary häzirki çemeleşmäni aşa berk hasaplaýarlar.

“Biz jerimäniň 10 müň som bolmagyny, üstesine-de ýedi gün tussaglyk girizilmegini teklip edýäris. Iň esasy zat: jenaýat ýazgysy bolmasyn. Ýagny bu maddany jenaýat kodeksinden çykaryp, administratiw düzgün bozma hökmünde girizmegi teklip edýäris” diýip, başlangyç toparynyň ýolbaşçysy Kambaraly Orkoşow aýtdy.

Bu çagyryşa ýurtda belli dini şahsyýet Ozubek ajy Çotonow hem goşuldy.

Başlangyjy goldaýan erkekleriň biri žurnalistlere beren interwýusynda özünde iki aýalynyň bardygyny aç-açan boýun aldy. Bu wideo sosial torlarda uly seslenme döretdi. Köp ulanyjylar nägilelik bildirdiler. Olar munuň kanuna garşy gelýändigini aýdýarlar.

Başlangyja gatnaşanlar polisiýa çagyryldy.

“Barlagyň çäklerinde bu çärä gatnaşan ähli adamlar, şol sanda dini şahsyýet Ozubek ajy Çotonow düşündiriş gürrüňine çagyryldy. Polisiýa işgärleri raýatlara Gyrgyzystan Respublikasynyň kanunlaryna laýyklykda köp aýallylygyň jenaýat kodeksi boýunça jezalandyrylýandygyny düşündirdiler” diýip, Bişkek şäheriniň içeri işler müdirligi habar berdi.

Şeýle-de bolsa, başlangyjy öňe sürýänler özleriniň kanunyň çäginde hereket edýändigini aýdyp, işlerini dowam etdirjekdiklerini belleýärler. Olaryň sözlerine görä, Adalat ministrligi gol ýygnamaga rugsat berdi we eger 10 müň gol toplansa, kanun taslamasy parlamente iberiler.

“Biz eýýäm takmynan 3–4 müň gol ýygnadyk. Öňümizde ýene bir aýa golaý wagt bar. Biz ýygnamagy dowam etdireris. Biz hiç hili kanuny bozmaýarys. Biz raýat başlangyjy baradaky kanuna laýyklykda hereket edýäris. Işjeňlerimiziň polisiýa çagyrylmagy barada bolsa — bilýäňiz, halky ýörite gozgap duran käbir neşirler bar. Şonuň üçin olary şäher içeri işler müdirligine çagyrdylar. Ol ýerde ähli resminamalarymyzy barladylar we kanuny bozmaýandygymyza göz ýetirdiler. Diňe has asuda, şowhunsyz hereket etmegimizi haýyş etdiler” diýip, Kambaraly Orkoşow aýdýar.

Ýöne bu teklibi hemmeler goldamaýar.

Bişkekli Habibi Ulanowa tersine jogapkärçiligi güýçlendirmeli diýip hasaplaýar. 26 ýaşly Habibi häzirki wagtda Çüý welaýatynyň öňki gubernatory Mirbek Miýarow bilen kazyýetleşýär. Onuň aýtmagyna görä, ol onuň bilen yslam däplerine laýyklykda nikalaşypdyr we aýratyn zerurlyklary bolan çaga dünýä inendir. Öňki emeldaryň resmi aýaly hem bar. Habibi bilen bolan gatnaşyklaryndan dünýä inen ogluny Miýarow kabul edenem bolsa, özüni iki aýally hasaplamaýar. Eger kazyýet Habibiniň arzasyny kanagatlandyrsa, öňki gubernator diňe jemgyýetçilik işleri ýa-da jerime bilen jezalandyrylyp bilner.

“Jerime 50 müňden 100 müň soma çenli diýilýär. 50 müň kimdir biriniň döwlen ykbaly üçinmi? Mundan hem nädip ýumşatmak bolýar, düşünemok. Bu ýol berilmez, bu akyla sygmaýar. Şeýle hem hukuk goraýjy edaralaryň kanuny taýdan baha bermegini isleýärin. Şeýle-de sorag berýärin: bu kanun olara päsgel bermedimi? Olar eýýäm kanunyň çäginden çykyp, iki maşgalada ýaşaýarla” diýip, Habibi Ulanowa aýdýar.

Onuň pikiriçe, jezanyň ýumşadylmagy resmi däl nikalarda dünýä inen aýallar we çagalar üçin ýagdaýy has-da kynlaşdyrar.

Hukuk goraýjylar we ýuristler hem bu başlangyja berk garşy çykýarlar. Olaryň bellemegine görä, häzirki ýagdaýda-da diňe dini däp boýunça nikalaşan ikinji ýa-da üçünji aýallaryň hukuklaryny goramak örän kyn. Kanuna görä, köp aýallylyk ýa-da iki aýallylyk bu erkek adamyň iki ýa-da birnäçe aýal bilen bir hojalygy alyp baryp ýaşamagydyr. Eger aýallar dürli öýlerde ýaşaýan bolsa, poliginiýany subut etmek diýen ýaly mümkin däl.

Emma Habibi Ulanowa we onuň aklawçysy parlamentde we Ýokary kazyýetde köp aýallylyk baradaky kanunyň düşündirişini aldylar.

“Bu düşündirişe görä, aýallaryň nirede ýaşaýandygyna garamazdan, erkek iki maşgalanyň çykdajylaryny öz üstüne alýar. Ýagny umumy býujetden. Iýmit, beýleki çykdajylar. Ol käte bir aýalynyň öýünde, käte beýlekisinde ýaşaýar, bu ýagdaý eýýäm iki aýallylyk hökmünde hasaplanýar” diýip, ýurist Rakiýa Rahmatowa düşündirýär.

Ýuristiň bellemegine görä, soňky düşündirişler möhüm öwrülişikli bolup biler. Indi aýallarda öz hukuklaryny goramak üçin hakyky gurallar peýda bolýar. Şeýle-de bolsa, eger jezany ýumşatmak baradaky başlangyç parlamente ýetip, deputatlar tarapyndan kabul edilse, bu mümkinçilikleriň ählisi netijesiz bolup galyp biler.