Gyrgyzystanyň ýörite gulluklarynyň öňki başlygy Kamçybek Taşiýew özüne garşy jenaýat işiniň açylandygyny tassyklady

Kamçybek Taşiýew

"Region TW" telekanalynyň direktory we Gyrgyzystanyň Döwlet milli howpsuzlyk komitetiniň (DMHK) öňki başlygy Kamçybek Taşiýewiň ýakyn egindeşi Otkurbek Rahmanow 29-njy aprelde öz Facebook sahypasynda Taşiýewiň beýanatyny çap etdi, onda DMHK-niň öňki başlygy hakykatdanam özüne garşy jenaýat işiniň açylandygyny tassyklaýar.

"Meniň bu jenaýat işinde özümi doly goramak mümkinçiligim bar we Hudaý berse, men aýyplamalaryň ählisinden aklanaryn. Günäliler jezalandyrylar, bigünäler bolsa aklanar. Bu döwletim baştutanymyzyň ýurdumyzda adalatly kazyýet ulgamyny döretmek üçin eden tagallalary bilen bagly Mysal üçin, özlerini "Kempirabatlylar" diýip atlandyran 25 adamdan ybarat topar hem aklandy. Şonuň üçin men siziň hemmäňizden kanunyň çäklerinde galmagy haýyş edýärin. Hiç kimiň haýsydyr bir jemgyýetçilik ýa-da hususy hereket etmegine zerurlyk ýok diýip pikir edýärin" diýlip, beýanatda aýdylýar.

Degişli maglumat

Kamçybek Taşiýew Baýram namazyna gatnaşyp, derňewleriň fonunda halkdan ötünç sorady


Gyrgyzystanyň Döwlet milli howpsuzlyk komitetiniň öňki başlygy Kamçybek Taşiýew, Ýogorku Keneşiň (Ýokary geňeşiň – redaktoryň belligi) öňki başlygy Nurlan Turgunbek uulu we parlamentiň öňki agzasy we öňki baş prokuror Kurmankul Zuluşew dagy, habar berilmegine görä, 28-nji aprelde Içeri işler ministrliginde (IIM) birnäçe sagada çeken sorag edişlikde görkezme berdi.

Birnäçe ýerli neşir olaryň sorag edilmeginiň anyk sebäbiniň belli däldigini habar berdi, ýöne olar muny şu ýyl irki prezident saýlawlaryny geçirmek başlangyjy bilen çykyş eden 75 adamyň ýüzlenmesi bilen baglanyşdyrýarlar.

Turgunbek uulunyň inisi Jyrgalbek Şakiýew Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugyna beren interwýusynda özüniň soraga çagyrylandygyny tassyklady. Emma ol bu soragyň näme maksat bilen edilýändigini bilmeýändigini aýtdy.

Aklawçy Şerdor Abdykaparow 28-nji aprel agşamy öz Facebook sahypasynda sorag edişligiň wideosyny ýerleşdirip, agzalan üç syýasatçynyň diňe bir görkezme bermän, eýsem "häkimiýeti zorluk bilen basyp almaga synanyşmakda" hem aýyplanandygyny aýtdy. Ýerli metbugat onuň eden beýanaty barada habar berdi, ýöne aklawçy soňra öz çap eden wideosyny sahypasyndan öçürdi.

Prezident Sadyr Žaparow 27-nji aprelde “Kaktus.media” bilen söhbetdeşlikde Kamçybek Taşiýewiň "75-leriň hatyna" gatnaşygynyň derňew we kazyýet tarapyndan kesgitlenmelidigini aýtdy.

9-njy fewralda 75 adamdan ybarat topar — öňki premýer-ministrler, öňki parlament agzalary, syýasatçylar we jemgyýetçilik işgärleri — prezident Sadyr Žaparowa we şol wagt Žogorku Keneşiň başlygy bolan Nurlanbek Turgunbek uulusyna prezident saýlawlarynyň ýakyn wagtda geçirilmegi baradaky çagyryş bilen ýüzlendiler. Olaryň käbiri soňra bu ýüzlenmäniň mazmuny bilen tanyşman, oňa goşulmaga razy bolandygyny aýtdy.

Degişli maglumat

Gyrgyzystanda ýörite gulluklaryň öňki başlygynyň dogany korrupsiýada aýyplanýar


Içeri işler ministrligi bu ýüzlenmäniň awtorlarynyň birnäçesini - jemgyýetçilik işgäri Bekbolot Talgarbekow, Gyrgyzstanyň Özbegistandaky öňki ilçisi we öňki oba hojalyk ministri Emilbek Uzakbaýew, Žogorku Keneşiň öňki deputaty Kurmanbek Dykanbaýew, öňki wise-premýer we öňki deputat Aaly Karaşew we Içeri işler ministriniň ozalky orunbasary Kursan Asanow dagyny saklady.

Sadyr Žaparow 10-njy fewralda Kamçybek Taşiýewi DMHK-niň başlygy wezipesinden boşatdy. Soňra ol, bu ýagdaýy "75-leriň haty" bilen baglanyşdyryp, parlamentde bölünişigiň dörändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Nurlanbek Turgunbek uulu bu hata gatnaşygyny inkär edip, spiker wezipesinden çekildi we öz deputat ygtyýarlyklaryndan ýüz öwürdi.

Soňra Taşiýewe ýakyn hasaplanýan birnäçe deputat, öz haýyşlary boýunça, öz ygtyýarlyklaryndan mahrum edildi we aýyplanýanlaryň käbiri korrupsiýa, energiýa taslamalary we ýer taslamalary bilen baglanyşykly işler esasynda tussag edildi.

Ýüzlenme hasaba alnan pursadynda degişli parlament komitetine Kurmankul Zuluşew ýolbaşçylyk etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.