Habar: 14 ýaşly oglan 'terrorçylyk meýilleri' üçin tussag edildi

Inçekeselden ejir çekýän Zaýtsew Molotow kokteýllerini taýýarlandygy üçin tussag edildi.

Uzak Gündogarda, Russiýanyň Habarowsk sebitiniň Solneçny obasynda ýaşaýan 14 ýaşly oglan Waleriý Zaýtsew partlaýjy maddalary ulanyp, terrorçylyk hüjümini taýýarlamakda güman edilip saklandy diýip, “Mediazona” neşiri habar berýär. Aýdylmagyna görä, tussag edilen oglan Ukraina hem duýgudaşlyk bildirýän eken.

Inçekeselden ejir çekýän Zaýtsew 18 ýaşly dosty bilen bilelikde, partlaýjy maddalary we Molotow kokteýllerini taýýarlandygy üçin tussag edildi.

Klasdaşlarynyň käbiriniň aýtmagyna görä, ol keselhanada tussag edilip, häzirki wagtda deslapky tussaghanada saklanýar. Häkimiýetler bu mesele barada hiç hili düşündiriş bermediler.