HAEA inspektorlary Zaporižýa ýadro elektrik stansiýasynyň üçeklerine girip bilmeýär

HAEA-nyň baş müdiri Rafael Grossi öz inspektorlarynyň reaktor üçeklerine baryp biljekdigine umyt edýändigini aýtdy.

Russiýa BMG-niň ýadro hünärmenleriniň Ukrainada basylyp alnan Zaporižýa ýadro desgasyndaky zawod reaktorlarynyň üçegine girmegini üpjün etmedi diýip, agentlik 20-nji iýulda aýtdy.

Halkara Atom energiýasy agentligi (HAEA) beýanat çap edip, öz toparynyň soňky bir hepdäniň dowamynda elektrik stansiýasynda barlag geçirendigini we hiç bir agyr harby enjamy, "partlaýjylaryň ýa-da minalaryň görünýän alamatlaryny" görmändigini aýtdy. Ýöne beýanatda hünärmenleriň “reaktor binalarynyň üçeklerine girmek mümkinçiliginiň döredilmegine şindi hem garaşýandyklary” aýdylýar.

Beýanatda ýadro elektrik stansiýasynyň "konfliktiň front liniýasynda ýerleşýändigi, bu sebitde durnuksyz howpsuzlyk ýagdaýynyň" saklanyp galýandygy aýdylýar.

Kiýew bilen Moskwa bir-biregi geçen ýylyň fewral aýynda başlanan rus çozuşyndan gysga wagt soň basylyp alnan desgada bir hadysany meýilleşdirmekde aýyplaýarlar.

Kiýew Russiýany zawodda üçünji we dördünji elektrik bölümleriniň üçegine partlaýjy maddalary goýmakda aýyplady we HAEA-nyň baş müdiri Rafael Grossi şu aýyň başynda öz inspektorlarynyň bu diýilýän ýerlere baryp biljekdigine umyt edýändigini aýtdy.