Russiýa öten agşam Ukrainanyň Odesa sebitinde däne eksportynda ulanylýan desgalary we beýleki infrastruktura desgalaryny nyşana alyp, üç sagatlyk dron hüjümini gurnady diýip, sebit häkimi Oleh Kiper 23-nji awgustda telegramda habar berdi.
"Howa goragy Eýranda öndürilen pilotsyz uçarlaryň dokuz sanysyny hatardan çykardy. Gynansak-da, önümçilik we ýük iberiş toplumlaryna zyýan ýetdi, 700 inedördül metr meýdanda ýangyn boldy. Ýangyn ir sagat alta çenli dowam etdi.
Zyýan ýeten desgalaryň arasynda galla ammarlary hem bar" diýip, Kiper ýazdy. Ol ölenleriň bolmandygyny aýtdy.
Ukrain goşunynyň baş ştaby biraz öň Russiýanyň Ukraina garşy ýene bir dron hüjümini amala aşyrandygyny habar berdi, ýöne jikme-jik maglumat bermekden saklandy.