Halk maslahatynyň başlygy G.Berdimuhamedow Täjigistana sapar edýär

Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň öňki prezidenti, häzir Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Täjigistana sapar edýär diýip, “Trend” neşiri 3-nji aprelde habar berdi.

Täjigistanyň Ýokary mejlisiniň başlygy Rustam Emomaliniň metbugat gullugynyň habaryna görä, saparyň dowamynda Berdimuhamedow bilen täjik resmileriniň arasynda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak üçin ýokary derejeli duşuşyklaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Mundan başga-da, 4-nji aprelde Täjigistanyň paýtagty Duşenbede Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler. Bu çäre 5-nji aprelde tamamlanar.

Türkmenistanyň döwlet mediasy Täjigistanda geçiriljek Türkmenistanyň Medeniýet günleri barada 29-njy martda habar beren bolsa-da, onda G.Berdimuhamedowyň sapary barada häzirlikçe maglumat göze ilmeýär.